Gizlinlik syýasaty


HalkBank prosessing merkezi Siziň bank kartynyzyň maglumatlaryny goraýar we işleýär. Maglumatlary tölek şlýuzyna geçirmeklik SSL* şifrleme tehnologiýasyny ulanmak bilen geçirilýär. Ondan soňra maglumatlary geçirmeklik iň ýokary ygtybarlylyk derejesine eýe bolan ýapyk bank setleri arkaly amala aşyrylýar.  

SSL-sertifikaty –   saýtyň ýeke-täk we özboluşly sanly goludyr.   Ony ilkinji nobatda banklar, töleg ulgamlary hem-de şahsy maglumatlary bilen iş geçirýän beýleki guramalar birikdirýärler, - munuň özi tranzaksiýalary goramak we maglumatlara ygtyýarsyz girilmegiň öňüni almak üçin zerurdyr.

Amala aşyrylan töleg boýunça meseleler ýüze çykanda, siz elektron poçta boýunça müşderleriň goldawy gullugyna ýüz tutup bilersiňiz: gala@com.tm

Alan maglumatlarymyzy nähili ulanýarys?

Hyzmatlary bermek üçin (sargydy hasaba almak, resmileşdirmek, harydyň salgy boýunça getirilmegini amala aşyrmak üçin we ş.m.-ler);  

Sargydyň ýoldaky ýagdaýy, täze aksiýalar we teklipler barada maglumatlary, şol sanda e-mail arkaly bermek üçin;

Saýtyň iş hilini gowulandyrmak, onuň nä derejede amatlydygyna we peýdalygyna baha bermek, önümleriň we hyzmatlaryň netijeliligini seljermek üçin.


Tölegleriň howpsuzlygy

Siziň berýän şahsy maglumatlaryňyz (ady, salgysy, telefony, e-mail, karz kartynyň belgisi) gizlin maglumat bolup durýar we paş etmäge degişli däldir. Siziň karz kartyňyzyň maglumatlary diňe şifrlenenen görnüşde berilýär we bazamyzda saklanyp  galmaýar.


Maglumat
Hyzmat merkezi
Goşmaça
Meniň akkauntym