Gökdepäniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumy 1995-nji ýylda gurlup ulanmaga berildi. Toplum 4 sany - ýüplük, örme, boýag we tikin fabriklerinden ybaratdyr.
Toplumyň Egirme fabrigi
Fabrigiň önümçilik kuwwatlylygy - bir ýylda 4 900 tonna nah ýüplügini öndürmek mümkinçiligi bar.
Örme fabrigi
Fabrigiň önümçilik kuwwatlylygy - bir ýylda 4 700 tonna örme matalaryny öndürmek: suprem, ribana, futter, interlok, lakost (pike) görnüşli örme matalary öndürilýär
Boýag fabrigi
Fabrigiň önümçilik kuwwatlylygy - bir ýylda 3 000 tonna örme matalary boýamak
Tikin fabrigi
Fabrigiň önümçilik kuwwatlylygy - bir ýylda 2700 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmek bolup, bu önümçilikde esasan ulular we çagalar üçin dürli görnüşli futbolkalar, maýkalar, “Polo” köýnekleri, jempirler, sport toplumlary – kurtka we balak, şortylar, kapri balaklar, pižamalar we ş.m. önümler öndürilýär.