"GALA" Gökdepäniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumy

Biz öz öňümizde “alyjylaryň islendik islegini kanagatlandyrmaly” diýen möhüm meseläni goýýarys !

Biz barada

Gökdepäniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumy 1995-nji ýylda gurlup ulanmaga berildi. Toplum 4 sany - ýüplük, örme, boýag we tikin fabriklerinden ybaratdyr.

Toplumyň Egirme fabrigi 

Fabrigiň önümçilik kuwwatlylygy - bir ýylda 4 900 tonna nah ýüplügini öndürmek. . 

Örme fabrigi

Fabrigiň önümçilik kuwwatlylygy - bir ýylda 4 700 tonna örme matalaryny öndürmek: suprem, ribana, futter, interlok, lakost (pike) görnüşli örme matalary öndürilýär

Boýag fabrigi

Fabrigiň önümçilik kuwwatlylygy - bir ýylda 3 000 tonna örme matalary boýamak.

Tikin fabrigi

Fabrigiň önümçilik kuwwatlylygy - bir ýylda 2700 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmek bolup, bu önümçilikde esasan ulular we çagalar üçin dürli görnüşli futbolkalar, maýkalar, “Polo” köýnekleri, jempirler, sport toplumlary – kurtka we balak, şortylar, kapri balaklar, pižamalar we ş.m. önümler öndürilýär.

Pagta süýminden dokalan köýneklerenähili ideg etmeli.

köýnekler ýuwulanda  30-40 derejede ýuwulmalydyr.

Pagta süýminden dokalan önümleriguradylanda uzak günüň dik şöhlesinden  goramaly.

Pagta süýminden dokalan  egin-eşikleri ütüklenende ýörite niýetlenen gyzgynlyk derejesinden peýdalanmaly.


Меню